Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Äht sandygyny Rebbiň öýünde goýandan soň, Dawudyň şol ýerde nagma aýtmaga bellän adamlary şulardyr. Ysraýyl Hudaýy Rebbe dileg etmek, Oňa öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyrmak üçin, ol lewileriň käbirini Rebbiň sandygynyň öňünde hyzmat etmäge belledi. Asaf – başlyk, Zakarýa onuň kömekçisi boldy, Ýegiýel, Şemiramot, Ýehiýel, Matytýa, Eliýap, Benaýa, Obededom hem-de Ýegiýel – arfa hem lira, Asaf – kimwal çalmalydylar. Ruhanylar Benaýa bilen Ýahazyýal bolsa Rebbiň Äht sandygynyň öňünde hemişe surnaý çalmalydylar. Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny. Lewiler Dawudyň saz gurallary, ruhanylar hem surnaýlary bilen durdular. Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.
Выбор основного перевода