Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy. Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy. Mordekaý muny bilip, şa aýaly Estere habar berdi. Ester hem muny Mordekaýyň adyndan patyşa habar berdi. Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy. Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär. Sadyk adamyň dogrulygy onuň ýoluny gönelder, erbetler bolsa öz erbetligi zerarly ýykylar. Dogry adamlary dogruçyllygy halas edýär, haýynlar öz nebsine çolaşýarlar.
Выбор основного перевода