Patyşa oňa: «Şa aýaly Ester, saňa näme gerek? Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol saňa berler» diýdi.
Şerap içip otyrkalar, patyşa Estere: «Näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa berler» diýdi.
Patyşa şa aýaly Estere şeýle diýdi: «Ýahudylar Suza galasynda bäş ýüz adamy hem-de Hamanyň on ogluny öldüripdirler. Kim bilýär, olar patyşanyň beýleki welaýatlarynda, gör, nämeler edendirler! Indi näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Ýene näme islegiň bar? Ol ýerine ýetiriler».