Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Edil şol wagt Mordekaý üçin taýýarlanan dar agajyndan ony asdyrmak barada patyşa bilen gepleşmek üçin, Haman köşgüň daşky howlusyna giripdi. Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar, kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar. Çukura ony gazýanyň özi gaçýandyr; diwary deşýäni ýylan çakýandyr. Patyşanyň buýrugy boýunça Danyýeli şugullan adamlary getirdiler. Olary çagalary we aýallary bilen bilelikde ýolbarsly çukura taşladylar. Olar entek çukuryň düýbüne ýetmänkäler, ýolbarslar olary gapyp, ähli süňklerini owradyp kül etdiler. «Başgalary ýazgarmaň, ýogsam siz hem ýazgarylarsyňyz, sebäbi siz nähili ýazgarsaňyz, özüňiz-de şeýle ýazgarylarsyňyz. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler.
Выбор основного перевода