Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Onsoň men öz-özüme: «Akylsyzyň başyna gelen meniň-de başyma geler. Onda akylly bolmagymyň peýdasy näme?» Öz-özüme: «Bu-da biderek» diýdim. Çünki akylly-da akylsyz kimin unudylar, geljekde hemmeler unudylar. Näme üçin akylly akylsyz kimin ölýär? Şonuň üçin durmuşy ýigrendim, çünki Günüň astynda edilýän işler maňa hasrat getirdi. Bary biderek, salgyma çapmak. Men Günüň astynda çeken ähli zähmetimi ýigrendim, çünki men bar gazanjymy özümden soň geljege goýup gitmeli. Onuň akylly ýa-da akylsyz boljakdygyny kim bilýär? Muňa garamazdan, olar Günüň astynda paýhas bilen çeken bütin zähmetime eýelik ederler. Bu-da biderek.
Выбор основного перевода