Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Olar ony jaýlamaga gidenlerinde, onuň diňe kelle süňkünden, aýaklaryndan, eliniň penjelerinden başga hiç zat tapmadylar. Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin? Etege salynmasam boljak eken! Emdirilmänler geçsem boljak eken! Onda men häzir rahatlykda ýatardym, dynçlykda bolardym. Haraba öwrülen binalary guran dünýäniň şalary, geňeşçileri bilen, öýlerini kümüşden dolduran, altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym. Näme üçin öli doglan çaga dek, ýagta gözi düşmedik çaga dek ýere gömülmändirin men?! Ol ýerde ýamanlar ýamanlykdan el çekýärler, ýadawlar-da dynç alýarlar. Ol ýerde ýesirler asudalykdadyr, olar gözegçileriniň seslerinden dynçdyr. Baý-da, garyp-da bardyr ol ýerde, gullar-da hojaýynlaryndan azatdyr. Näme üçin jebir-jepa çekýäne nur, kalby hasratla-da ömür berilýär? Ajaly arzuw edýärler, ajal gelmeýär, ony gizlenen hazynadan köp agtarýarlar. Gabra gowşanlarynda, şatlanýarlar, joşup, şowhun edýärler. Näme üçin ýoluny görüp bilmeýäne, Hudaýyň tümlüge gaplanyna ömür berilýär? Çörege derek ahy-zar ýuwudýan, ahy-nalalarym edil suw kimin dökülýär. Hakykatdanam, gorkym başyma gelýär, heder edenim-de üstümden inýär. Mende ne rahatlyk bar, ne asudalyk, ne-de dynçlyk bar, diňe tükeniksiz muşakgat gelýär». Bireýýäm ölüp gidenleri dirilerden bagtly saýdym. Emma entek dogulmadyk, Günüň astynda edilýän pis işleri görmedik, bularyň ikisinden-de bagtlydyr. Bireýýäm ölüp gidenleri dirilerden bagtly saýdym. Emma entek dogulmadyk, Günüň astynda edilýän pis işleri görmedik, bularyň ikisinden-de bagtlydyr. Ol adam iki müň ýyl ýaşasa-da, abadanlykdan lezzet alsa-da, ahyrynda beýlekiler ýaly ol hem ötüp gitmeýärmi? Emma terk edilen çaga kimin gabryňdan daşary atyldyň; gylyçdan geçirilen, gabryň daşly düýbüne atylan jesetler bilen örtülýärsiň. Aýak astynda depelenen maslyk deý, beýleki şalar ýaly jaýlanmarsyň; çünki sen öz ýurduňy weýran etdiň, öz halkyňy gyrdyň. Pislik edýänleriň nesli asla ýatlanmasyn! Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar. Meniň doglan günüme nälet bolsun! Enemiň meni dogran gününe alkyş bolmasyn! «Ogluň boldy!» diýip, kakamy begendiren buşlukça nälet bolsun! Goý, ol adam Rebbiň gaýgyrman ýumran şäherleri kimin bolsun! Säher dady-perýat, günortan ahy-nala eşidilsin! Çünki ol adam ýatgydakam öldürmedi, ýogsam enem meniň mazarym bolardy, onuň ýatgysy ebedilik göwreli bolardy. Men näme üçin eneden doguldymkam? Gaýgy-hasrat çekip, ömrümi ryswalykda geçirmek üçinmi? Maslygyny süýräp, Iýerusalim derwezesinden çykaryp zyňarlar, eşek gömen ýaly edip gömerler“.
Выбор основного перевода