Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbe sadaka aýdan bolsaňyz, ony gijikdirmän beriň, çünki Hudaýyňyz Reb aýdan sadakaňyzy sizden hökman talap eder. Eger siz ony ýerine ýetirmeseňiz, günä gazanarsyňyz. Sadaka aýtmadyk bolsaňyz, onda günä gazanmarsyňyz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbe öz agzyňyz bilen aýdan sadakaňyzy aýdyşyňyz ýaly, diliňiziň geplän zadyny yhlas bilen ýerine ýetiriň. Eger siz biriniň üzüm bagyna girseňiz, onuň üzüminden tä doýýançaňyz iýseňiz iýiň, ýöne ondan gaba salyp ýanyňyz bilen alyp gaýtmaň. „Eger bir adam Rebbe wada etse ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içse, onda ol beren sözüni bozman, agzy bilen aýdan wadasyny berjaý etsin. Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa, Beýik Hudaýa beren kasamlaryňy berjaý et. Men ýakma gurbanlyklar bilen öýüňe baryp, Saňa eden kasamlarymy berjaý ederin. Kynçylyga duçar bolamda, bu wadalary dilim sözläp, agzym kasam edipdi. Beýik Hudaýyňyza sadaka aýdyň, olary beriň, töweregindäkileriň bary wehimli Hudaýa sowgat getirsin.
Выбор основного перевода