Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Adama bolsa Beýik Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň. Toprak saňa akbaş-ýandak öndürip berer. Sen meýdan otlaryny iýersiň. Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň». Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi. Uçgunyň ýokaryk uçuşy dek, ynsan hasrat üçin dogulýar. «Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr. Ýetmiş ýyl – ömrümiziň günleri, segsen ýyl – eger bolaýsak güýçli, olaryň iň ýagşysy geçýär azap bilen külpetde, basym geçýär, biz ýok bolup gidýäris. Ynsan Günüň astynda çekýän zähmetinden näme peýda tapýar? Olaryň bütin ömri dertden, zähmeti gussadan doly; ýüregi gijesine-de rahatlanmaýar. Bu-da biderek!
Выбор основного перевода