Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler? Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir. Biz atlaryň tabyn bolmagy üçin, agzyna agyzzyryk dakyp, olaryň tutuş göwresini dolandyrýarys. Ine, gämilere serediň! Olar güýçli hem batly ýeller bilen kowulsa-da, bir kiçijik kürek arkaly sürüjiniň islän tarapyna öwrülýär. Edil şunuň ýaly, dil hem bedeniň bir kiçijik agzasy bolsa-da, beýik işler bilen öwünýändir. Pikir ediň, kiçijik bir uçgun äpet tokaýy ýakyp köýdürýändir. Dil hem bir otdur, beden agzalarynyň arasyndaky ýamanlyk dünýäsidir. Ol tutuş barlygyňyzy weýran edýändir, dowzah ody bilen bütin durmuşyňyzy köýdürýändir. Ynsan her dürli haýwanlara, guşlara, süýrenijilere, deňiz jandarlaryna diýenini etdirendir we etdirýändir. Emma hiç bir ynsan diline diýen etdirip bilýän däldir. Dil gutarmaýan pislik bolup, öldüriji zäherden doludyr. Dilimiz bilen biz Rebbimizi we Atamyzy alkyşlaýarys, şol bir wagtyň özünde hem Hudaýyň keşbinde ýaradylan ynsanlary näletleýäris. Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir. Heý-de, bir bulagyň gözbaşyndan hem ajy, hem süýji suw akarmy? Doganlarym, injir agajy zeýtun ýa-da üzüm agajy injir miwesini berermi? Ýok! Edil şonuň ýaly, şor suwly gözbaşdan süýji suw akmaz!
Выбор основного перевода