Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ylýas ellibaşa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden ot inip, ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi. Öňki iki ellibaşy elli adamy bilen gökden inen oda ýanyp kül boldy, emma indi seniň meniň janyma haýpyň gelsin» diýdi. Elýaşa yzyna öwrülip, oglanlara seredip, olara Rebbiň adyndan gargady. Biraz wagtdan soň, jeňňellikden iki sany aýy çykyp, kyrk iki oglany parçalady. Resullar arkaly köp mugjyzalardyr alamatlar görkezilýärdi. Şol sebäpli hemmeleriň kalbyny gorky gaplapdy. Edil şol pursatda ol aýal Petrusyň aýagyna ýykylyp, jan berdi. Ýigitler içeri girenlerinde, onuň ölendigini gördüler. Ony äkitdiler-de, äriniň ýanynda jaýladylar. Tutuş ýygnagy we bu hakda eşidenleriň baryny uly gorky gurşap aldy. Efesde ýaşaýan ýahudylaryň we grekleriň hemmesi bu wakany eşidip gorkdular. Reb Isanyň ady beýgeldi. Men ýanyňyza ikinji gezek baranymda günä edýänlere we beýlekilere eýýäm duýduryş beripdim. Indi ýanyňyzda bolmasam-da, duýduryşymy gaýtalaýaryn: baranymda olary-da, beýlekileri-de gaýgyrmaryn. Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.
Выбор основного перевода