Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hirod Ýahýany öldürmek isleýärdi, emma halkyň Ýahýany pygamber saýýandygy üçin beýle etmekden gorkýardy. Ynsandan diýmäge-de halkdan gorkýarys, sebäbi hemmeler Ýahýany pygamber saýýar». Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy. Emma ynsandan diýsek…» Olar halkdan gorkýardylar, çünki hemmeler Ýahýany hakyky pygamber saýýardy. Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler. Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar. Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar. Petrus bilen Ýohanna halka gürrüň berip durkalar, birnäçe ruhanylar, ybadathana goragçylarynyň baştutany we saddukeýler olara garşy çykdylar.
Выбор основного перевода