Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar Petrus bilen Ýohannany tutdular we agşam düşendigi sebäpli, olary ertire çenli zyndanda sakladylar. Birdenkä Rebbiň perişdesi peýda bolup, zyndanyň içinde nur parlady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz bol, tur!» diýdi. Şobada Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy. Perişde oňa: «Guşagyňy guşan-da, çaryklaryňy geý!» diýdi. Ol şeýle hem etdi. Perişde ýene-de: «Donuňy geý-de, meniň yzyma düş!» diýdi. Petrus onuň yzyna düşüp, zyndandan daşary çykdy. Emma ol perişde arkaly bu bolýan zatlaryň hakykatdygyny bilmän, gözüne görünýändir öýdýärdi. Olar birinji, ikinji garawullardan geçip, şähere çykýan demir derwezä ýetenlerinde, ol öz-özünden açyldy. Olar daşary çykyp, bir köçäniň boýy bilen ýörediler. Birdenkä perişde Petrusyň ýanyndan gaýyp boldy. Birdenkä güýçli ýertitreme boldy, zyndanyň binýady sarsyp, ähli gapylar birbada açyldy, hemmeleriň zynjyry üzüldi.
Выбор основного перевода