Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şondan soň halk: «Ýonatany öldürjekmi? Ysraýyly şu beýik ýeňşe ýetireni öldürmekçimi?! Başa barmaz! Rebden ant içýäris, Ýonatana barmagyňam batyrmarsyň. Çünki bu gün ol Hudaýyň ýardam bermegi bilen söweşdi» diýip, Şawula garşylyk görkezdiler. Şeýdip, halk Ýonatanyň başyny ölümden gutardy. Aýal: «Goý, şa hezretleri öz Hudaýy Rebden ant içsin we öldürileniň hossary mundan beýläk adam öldürmesin, meniň oglumam diri galsyn» diýdi. Patyşa: «Rebden ant içýärin, ogluňa barmagyny batyran adam bolmaz» diýdi. Süleýman şeýle jogap gaýtardy: «Eger ol özüni laýyk alyp barsa, onuň ýekeje gylam gymyldamaz, eger-de ondan bir pislik tapylaýsa, onda ol öler». Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz. Emma saçyňyzyň bir tary hem kemelmez.
Выбор основного перевода