Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Biz ençeme günläp haýal ýüzüp, kynçylyk baryny görüp, Knidos şäherine ýetdik. Şemalyň bize garşy öwüsýändigi üçin, Salmon ýarym adasynyň ýanyndan geçip, Krit adasyny penalap, ýüzüp gitdik. «Jenaplar! Görýän welin, indi deňizde ýüzsek, diňe bir ýükümiz, gämimiz däl, eýsem janymyz hem howp astynda galar, agyr betbagtçylyga uçrarys» diýdi. Ýöne düşelgede gyşlamaga hiç hili şert bolmansoň, adamlaryň köpüsi, başartsa, bu ýerden Fenikse ýetip, gyşy ol ýerde geçirmegi karar etdiler. Feniks Krit adada ýerleşip, günorta-günbatar we demirgazyk-günbatar tarapdan öwüsýän şemallardan penady. Şeýlelikde, günorta şemaly ýuwaşja öwüsmäge başlanda, olar öz maksatlaryna ýetendiris öýtdüler. Şonuň üçin labyry çekdiler-de, Krit adanyň golaýy bilen ýola düşdüler.
Выбор основного перевода