Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol şum habardan gorkmaz, Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz. «Jenaplar! Görýän welin, indi deňizde ýüzsek, diňe bir ýükümiz, gämimiz däl, eýsem janymyz hem howp astynda galar, agyr betbagtçylyga uçrarys» diýdi. Şonuň üçin, adamlar, mert boluň, sebäbi men Hudaýa ynanýaryn, hemme zat özüme aýdylyşy ýaly bolar. Emma Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz diri galyp bilmersiňiz» diýdi. Şeýlelikde, hemmeler ruhlanyp naharlandylar. Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris. Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys; biz çykgynsyz ýagdaýa düşýäris, ýöne ruhdan düşmeýäris; yzarlanýarys, ýöne terk edilmeýäris; urulýarys, ýöne öldürilmeýäris.
Выбор основного перевода