Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar». Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden baky ýaşaýşa gowşandyr. Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň şaýatlygy bardyr. Kim Hudaýyň Öz Ogly baradaky şaýatlygyna ynanmaýan bolsa, ol Hudaýy ýalançy çykaryp, Oňa iman edýän däldir. Imana daýanýan dogrulyk barada, bolsa ol şeýle diýýär: «„Ol ýere kim çykar?“, (ýagny Mesihi göklerden indirmek üçin), „Düýpsüz çukura kim iner?“, (ýagny Mesihi direltmek üçin) – diýip, öz-özüňden sorama». Imana daýanýan dogrulyk barada, bolsa ol şeýle diýýär: «„Ol ýere kim çykar?“, (ýagny Mesihi göklerden indirmek üçin), „Düýpsüz çukura kim iner?“, (ýagny Mesihi direltmek üçin) – diýip, öz-özüňden sorama». Şeýle-de, imandan bolan dogrulyk: «Bu söz saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda we ýüregiňdedir» diýýär. Bu söz bolsa biziň wagyz edýän imanymyz hakdaky habardyr. Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň, halas bolarsyň. Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar. Mukaddes Ýazgylar hem: «Oňa bil baglan utandyrylmaz» diýýändir.
Выбор основного перевода