Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ukudan oýanan baş gözegçi zyndanyň gapylarynyň açykdygyny gördi. Ol tussaglar gaçandyr öýdüp, özüni öldürjek bolup, gylyjyny syrdy. Zyndanyň baş gözegçisi hem bu habary Pawlusa ýetirip: «Häkimler size gidiberiň diýip habar ýollapdyrlar. Indi siz gidip bilersiňiz. Sag-aman baryň» diýdi. Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum. Üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämi heläkçiligine uçradym, bir gije-gündizimi açyk deňizde geçirdim. Siz meniň göreşimi özüňiz gördüňiz, ol barada şindi hem eşidýänsiňiz. Bu göreşime siz hem şäriksiňiz. Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.
Выбор основного перевода