Olar bolsa ýanymdaky Titusy, hatda onuň grekdigine-de garamazdan, ony sünnetlenmäge mejbur etmediler.
Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.
Emma Hoş Habaryň hakykaty siziň bilen galsyn diýip, biz bu dogansumaklara bir pursat-da eglişik etmedik.