Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar. Petrus bu sözleri heniz aýdyp durka, ony diňleýänleriň hemmesiniň üstüne Mukaddes Ruh indi. Men söze başlanymda, Mukaddes Ruh öň biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem indi. Petrus henizem bu görnüş barada oýlanyp otyrka, Mukaddes Ruh oňa: «Ine, üç adam seni gözläp ýör. Tur, aşak düş, ikirjiňlenme-de, olar bilen git. Olary Men ýolladym» diýdi. Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.
Выбор основного перевода