Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler. Pawlusyň: «Indi meni hiç haçan görmersiňiz» diýen sözleri olary örän tukatlandyrdy. Soňra olar ony gämä çenli ugratdylar. Ispaniýa barýarkam ýanyňyza sowlup geçerin. Az salymlyk bolsa-da, siziň bilen didarlaşanymdan soň, ýol şaýymy tutup, meni ýola salarsyňyz diýen umydym bar. Belki, men ýanyňyzda biraz galaryn, hatda gyşy şol ýerde geçirmegim-de ahmal. Soňra siz meni gitjek ýerime ugradyp bilersiňiz. Şoňa görä-de, hiç kim Timoteosa äsgermezçilik etmesin. Ol meniň ýanyma dolanar ýaly, ony sag-aman ýola salyň. Men Timoteosyň doganlar bilen gaýdyp gelmegine garaşýaryn.
Выбор основного перевода