Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr. Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“». Kimdir biri haram saýylýan zada: haram wagşy haýwanyň maslygyna ýa-da haram mal-garanyň maslygyna, ýa-da haram süýrenijileriň we mör-möjekleriň maslygyna tötänlikde galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, haram we ýazykly saýylýandyr. Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin. Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr. Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: 'Siziň hiç biriňiz ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden hiç biri gan iýmesin'. Ysraýyl halkyndan ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri iýilýän haýwany ýa-da guşy awlasa, ol onuň ganyny akdyryp, üstüni toprak bilen gömsün. Çünki her bir jandaryň jany ganyndadyr. Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: 'Hiç bir jandaryň ganyny agzyňyza almaň, çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr'. Ony iýen Meniň halkymdan çetleşdirilsin. Haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýen kişi özüniň ýerli halkdan ýa-da gelmişekdigine garamazdan, geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr we soňra tämiz bolar. Eger ol geýimlerini ýuwmasa ýa-da suwa düşmese, onda ol öz jezasyny çekmeli“». Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň. Emma gaty seresap boluň, eti gany bilen iýmeli dälsiňiz, çünki gan jandyr. Siz gany et bilen iýmeli dälsiňiz. butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň». Emma bu bilim hemme adamlarda ýokdur. Käbir adamlar butparazlyk pikirlerinden saplanyp bilmän, bu gurbanlyk etini iýenlerinde, heniz-de buta sežde edýändir öýdýärler. Bu hem olaryň ejiz ynsabyny murdar edýär. Ýöne iýmit bizi Hudaýa ýakynlaşdyrmaýar. Iýmänimiz bilen zyýan çekemzok, iýenimiz bilen-de peýda göremzok. Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn! Çünki olardan biri seni, ýagny bilimi bolany, buthanada saçak başynda görmegi ahmal. Şonda onuň ynsaby ejizläp, buta berlen gurbanlygy iýmäge ymtylmazmy? Şunlukda, eý, dogan, bu ynsaby ejiz dogan seniň bilimiň arkaly weýran edildi. Isa Mesih bolsa onuň ugrunda öldi. Siz öz doganlaryňyzyň ejiz ynsabyny ýaralamak bilen, olara garşy günä edeniňizde, Isa Mesihe garşy günä edýänsiňiz. Şoňa görä-de, iýýän zadym doganymyň büdremegine sebäp boljak bolsa, men ony asla iýmerin. Men onuň büdremegini islämok. Olaryň käbirleri ýaly butparaz bolmaň. Olar barada Töwratda şeýle ýazylgydyr: «Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup, oýnaşmaga başladylar». Olaryň käbirleri ýaly azgynçylyk etmäliň: bir günde olaryň ýigrimi üç müňüsi öldi. Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi. Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.
Выбор основного перевода