Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler. Ine, şol şäherde öň jadygöýlik bilen meşgullanyp, Samariýa halkyny haýran galdyran we özüni beýik adam diýip yglan eden Simun atly bir adam bardy. Barýeşa şol ýeriň häkimi Sergiý Pawul bilen gatnaşýardy. Sergiý Pawul akylly adamdy. Ol Barnap bilen Şawuly çagyrdyp, olardan Hudaýyň Hoş Habaryny eşitmek isledi. Häkim ýüze çykan wakany görüp, iman etdi, sebäbi ol Reb Isa hakyndaky taglymata haýran galdy. Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.
Выбор основного перевода