Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol günlerde Ýahýa çümdüriji peýda bolup, Ýahudyýa çölünde wagyz etmäge başlady. Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi. Tutuş Iýerusalimiň, Ýahudyýanyň we Iordan etrabynyň ähli halky onuň ýanyna gelýärdi. Şunlukda, Ýahýa peýda bolup, çölde adamlary suwa çümdürýärdi. Ol adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. Tutuş Ýahudyýanyň we Iýerusalimiň ilaty onuň ýanyna gelýärdi. Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda suwa çümdürilýärdiler. Ýahýa Iordan derýasynyň töweregindäki ähli ýerlere aýlanyp, adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi.
Выбор основного перевода