Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler. Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar. Ol ýerden hem olar gämili Antiýoha dolanyp geldiler. Pawlus bilen Barnap bu şäherde özlerini Hudaýyň merhemetine tabşyryp, hut şu ýerden şindi tamamlan işlerini amala aşyrmaga ugrapdylar. Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme. Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.
Выбор основного перевода