Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Resullaryň Işleri
Параллельные места
Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi. Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň. Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi. Bular: «Dogrudan-da, Reb Isa direlipdir we Simuna görnüpdir!» diýdiler. Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi olaryň arasynda durup: «Size salam bolsun!» diýdi. Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler. Isa olara: «Näme üçin dowla düşýärsiňiz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär? Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, emma görşüňiz ýaly, Meniňki bar» diýdi. Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi. Olar şatlykdan ýaňa henizem ynanyp bilmän, haýran galyp durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýip sorady. Oňa bişirilen balygyň bir bölegini berdiler. Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar. Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň. Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi. Şeýle diýip, olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: «Mukaddes Ruhy kabul ediň. Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, şol bagyşlanar, kimiň günäsini bagyşlamasaňyz, şol bagyşlanmaz» diýdi. Onsoň Isa Mesih Petrusa, soň Onkilere göründi. Mundan soň Ol şol bir wagtyň özünde bäş ýüzden-de gowrak dogana göründi. Bu doganlaryň käbiri eýýäm aradan çykdy, ýöne aglaba bölegi häzir hem diri. Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi.
Resullaryň Işleri
Выбор основного перевода