Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Resullaryň Işleri
Параллельные места
Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi. Ýudas olardan: «Eger men Isany siziň eliňize tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem Ýudas otuz teňňe kümüş çekip berdiler. Onsoň Isa haýynlyk eden Ýudas Oňa höküm edilenini görüp, eden işine ökündi. Ol otuz teňňe kümşi yzyna, ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşululara getirip: «Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler. Ýudas kümüşleri ybadathananyň içine zyňdy-da, çykyp gaýtdy. Soňra gidip, özüni asdy. Ýolbaşçy ruhanylar bolsa kümüşleri alyp: «Bu pullary ybadathananyň hazynasynda goýmak kanuna dogry gelmeýär, sebäbi bular gan nyrhydyr» diýdiler. Şeýlelikde, maslahat geçirip, gelmişeklere gonamçylyk etmek üçin, bu pula küýzegäriň ýerini satyn aldylar. Şonuň üçin ol ýere şu güne çenli «Gan meýdançasy» diýilýär. Şonda Ýermeýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: «Rebbiň maňa buýruşy ýaly, ysraýyl halkynyň Oňa kesen nyrhyny – otuz kümüş teňňesini alyp, küýzegäriň ýerini satyn aldylar». Şonda Ýermeýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: «Rebbiň maňa buýruşy ýaly, ysraýyl halkynyň Oňa kesen nyrhyny – otuz kümüş teňňesini alyp, küýzegäriň ýerini satyn aldylar».
Resullaryň Işleri
Выбор основного перевода