Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Resullaryň Işleri
Параллельные места
Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň. Onsoň Isa daga çykyp, Öz saýlan adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar Onuň ýanyna bardylar. Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi, Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy. Gün doganda, şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on iki sanysyny saýlap, olary resullyga belledi. Olar şulardyr: Men hem Atamyň wada eden Mukaddes Ruhuny size ýollaryn. Emma siz gökden injek gudrat bilen doldurylýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýdi. Isa olary şäheriň daşyna çykaryp, Beýtaniýa getirdi. Onsoň ellerini galdyryp, olara pata berdi. Pata berip durka, olardan aýrylyp, göge göterildi. Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi.
Resullaryň Işleri
Выбор основного перевода