Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi. Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?“» Hizkiýanyň: „Reb bizi halas eder“ diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň. Haýsy milletleriň hudaýlary öz ýurduny Aşur patyşasynyň elinden halas edipdir? Hamadyň, Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň hudaýlary nirede? Samariýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi? Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?» Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi. Ol çukura ýakynlaşanda, naýynjar ses bilen Danyýele: «Eý, diri Hudaýyň guly Danyýel, wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň seni ýolbarslardan halas edip bildimi?» diýip gygyrdy. Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.
Выбор основного перевода