Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
jarçy batly ses bilen şuny yglan etdi: «Eý, halklar, milletler, uruglar! Size şeýle buýruk berilýär: Surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeliniň öňünde ýere ýüzin düşüp sežde ediň. Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam duran ýerinde ýanyp duran kürä taşlanjakdyr». Şeýlelikde, surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli halklar, milletler we uruglar ýere ýüzin düşüp, Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeline sežde etdiler. Şonda Nebukadnesar gahar-gazaba münüp, Şadragy, Meýşagy we Abednegony getirmeklerini buýurdy. Şeýdip, olary patyşanyň huzuryna getirdiler. Bu häkimleriň hem üstünden sereder ýaly üç sany wezir goýdy. Patyşany alada goýmaz ýaly häkimler bu wezirlere hasabat bermelidiler. Üç weziriň biri hem Danyýeldi. Olar patyşanyň ýanyna baryp, onuň permany hakda söz açyp: «Eý, patyşahym! Otuz günüň içinde senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edeniň ýolbarsly çukura taşlanjakdygy baradaky permana gol çekmänmidiň näme?» diýdiler. Patyşa olara: «Madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde bu söz dogrudyr» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода