Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler. Ikinji ýylyň birinji aýynyň birinji güni mukaddes çadyr guruldy. Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy. Tutuş ysraýyl halky her gezek ýöriş edende, Reb olar üçin gündizine bulut, gijesine ot sütüni bolup, mukaddes çadyryň depesinde durýardy. Üstesine-de, olara gündizlerine bulut sütüni bilen ugur görkezip, gijelerine ot sütüni bilen ýöremeli ýollaryny ýagtyltdyň. Olar hatda özlerine göle heýkelini ýasap: „Sizi Müsürden çykaran hudaý, ine, şudur!“ diýip, Saňa erbet dil ýetirenlerinde-de, beýik rehimdarlygyň üçin Sen olary çölde ýeke taşlamadyň. Olara ýol görkezmäge gündizlerine bulut sütünini, gijelerine-de ýörejek ýollaryny ýagtyldyp, gitmeli ugurlaryny görkezer ýaly ot sütünini depelerinden aýyrmadyň. Olary zürýatlaryndan gizlemeris biz; Rebbiň şanly işlerini, güýç-kuwwatyny, Onuň görkezen gudratlaryny, geljek nesle yglan ederis.
Выбор основного перевода