Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer. Olar şol gije janlynyň etini otda kebap edip, petir we ajy gök otlar bilen iýsinler. Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe Pesah baýramyny bellemek üçin Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne gelsinler diýip, bütin ysraýyl, ýahuda halklaryna habar ýollap, efraýymlara we günbatardaky manaşalara hem hatlar ýazdy. Patyşa hem onuň baştutanlary we bütin halk Pesah baýramyny ikinji aýda bellemek barada maslahat geçiripdiler. Çünki ruhanylaryň özlerini ýeterlik möçberde inlerini tämizlemändigi we halkyň Iýerusalime ýygnanmandygy sebäpli Pesahy bellenen wagtda edip bilmediler. Olar ikinji aýyň on dördüne Pesah janlysyny soýdular. Ruhanylar we lewiler utanyp, inlerini tämizläp, ýakma gurbanlyklaryny Rebbiň öýüne getirdiler.
Выбор основного перевода