Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Daňdana çenli ondan hiç zat galdyrman iýiň. Eger ertire çenli iýilmän artyp galsa, şol galan-gaçanlary otda ýakyň. Soňra Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Pesahyň düzgünleri şudur: Ýeke gelmişek-de gurbanlykdan iýmeli däldir. Emma pula satyn alan guluňyz sünnet edilenden soň ondan iýip biler. Ýekeje gelmişek ýa-da günlükçi ondan iýmeli däldir. Ony bir jaýda oturyp iýiň. Ondan birje bölek eti hem öýden daşa çykarmaly dälsiňiz. Şeýle hem, janlynyň ýekeje süňki-de döwülmesin. Ähli ysraýyl halky bu baýramy bellemelidir. Eger bir gelmişek gelip, siziň araňyzda ornaşyp, Rebbiň Pesahyny bellemek islese, onda, goý, onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnet edilsin. Şundan soň ol size goşulyp, muny belläp biler we ol siziň öz ýerli halkyňyza degişli adam hasap ediler. Emma sünnet edilmedik hiç bir adama ondan iýmek bolmaz. Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr». Bu iş «Onuň ýekeje süňki hem döwülmez» diýen Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin boldy.
Выбор основного перевода