Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim. Emma ruben we gat tirelerine Gilgat bilen Arnon jülgesiniň aralygyndaky ýerleri berdim. Jülgäniň ortasy olaryň günorta araçägi bolup, olaryň demirgazyk araçägi bolsa ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasydyr. Günbatar araçäk Iordan derýasy bolup, Kinneretden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan Araba düzlügi we Pisga dagynyň etekleri oňa degişlidir. Şol wagt men size şeýle buýruk berdim: „Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy mülk edinmek üçin size berdi. Ähli söweşijileriňiz ýaraglansynlar-da, ysraýyl doganlaryňyzyň öňünden ýöresinler. Diňe aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz meniň size beren galalarymda galsynlar. Men siziň köp mal-garalaryňyzyň bardygyny bilýärin. Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berenden soň we olar hem Hudaýyňyz Rebbiň Iordanyň aňyrsyndan özlerine berýän mülk ýerini eýelänlerinden soň, her biriňiz meniň size beren mülküme dolanyp gelip bilersiňiz“. «Rebbiň guly Musanyň aýdanlaryny ýadyňyza salyň. Ol size: „Hudaýyňyz Reb siziň rahatlygyňyz üçin bu topragy size berýär“ diýipdi. Siziň aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz, goý, Iordan derýasynyň gündogar tarapynda – Musanyň size beren ýerinde galsyn. Emma araňyzdaky ähli urşujylar ýaraglanyp, doganlaryňyzyň öňünden derýadan geçsinler. Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz». Rubenler, gatlar we gündogardaky manaşa tiresi Musanyň aýdyşy ýaly, ýaraglanyp ysraýyllaryň öňünden geçdiler. Güýçli urşujylaryň kyrk müňe golaýy Rebbiň huzurynda söweşe taýýar bolup, Ýeriho düzlügine geldiler. Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň. Şeýlelikde, ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi Kenganyň Şilo galasyndaky beýleki ysraýyllary taşlap, Gilgada tarap, Rebbiň Musanyň üsti bilen olara beren mülk ýerlerine eýelik etmäge yzlaryna gaýtdylar.
Выбор основного перевода