Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siziň çagalaryňyz hem kyrk ýyllap çölde göçüp-gonup gezerler we siziň biwepadygyňyz üçin jebir çekerler. Bu siziň hemmäňiz ölüp gutarýançaňyz dowam eder. Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwrenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz. Men-Reb şeýle diýmek bilen, bu aýdanlarymy Meniň garşyma birleşen bu azgyn halkyň başyndan indererin. Şu çöllükde bularyň baryny gyryp, ýok ederin». Musa bilen ruhany Harunyň Sinaý çölünde geçiren ilat sanawynda hasaba alanlarynyň ýekejesi-de bu gezekdäkileriň arasynda ýokdy. Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz».
Выбор основного перевода