Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ýüregiňiz Ondan dönüp, gulak asman ýoldan çykyp, başga hudaýlara sygynyp gulluk etseňiz, onda tutuşlaýyn heläk boljakdygyňyzy bu gün size jar edýärin. Iordan derýasyndan geçip, mülk edinjek ýeriňizde uzak ýaşamarsyňyz. «Rebbiň tutuş jemagaty şeýle diýýär: „Bu nähili dönüklik? Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň garşysyna çykdyňyzmy? Siz Rebbe gulluk etmekden ýüz öwürdiňizmi? Siz öz gurbanlyk sypaňyzy gurup, Rebbe garşy baş göterýäňizmi? Siz bolsa bu gün Rebden boýun towladyňyz! Eger siz bu gün Rebbe baş göterseňiz, ertir Ol tutuş ysraýyl jemagatyna göz görkezer.
Выбор основного перевода