Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Haruna şeýle diýdi: «Maňa berlen sadakalara göz-gulak bolmagy saňa tabşyrdym. Ysraýyllaryň ähli mukaddes sowgatlaryny ruhanyçylyk paýyňyz hökmünde saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berdim. Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy, parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir. Ysraýyllaryň Rebbe hödür edýän ähli mukaddes sadakalaryny saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý hökmünde berdim. Bu seniň we nesilleriň bilen Meniň eden müdimilik ähtimdir».
Выбор основного перевода