Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol bir wagtyň özünde onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ähli galalaryndaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. Ol ýerde ýekeje-de adam galdyrmadyk. Hudaýyňyz Reb ony siziň eliňize berende, siz olaryň ähli erkeklerini gylyçdan geçiriň. Aýallaryny, çagalaryny, mal-garalaryny, galada bar bolan ähli zady özüňize olja edip alyň. Hudaýyňyz Rebbiň duşmanyňyzdan alyp beren oljasyny hözirini görüň. Bu ýerdäki halklara degişli bolmadyk, sizden has uzakda ýerleşýän galalaryň hem hemmesini şeýle ediň. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir. Hudaýyňyz Rebbiň size buýruşy ýaly hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Soňra Ýeşuwa Ýeriho galasyna we onuň daş-töweregine içalylyk etmäge giden iki ýaş ýigide: «Rahabyň öýüne baryň we oňa, onuň öýündäkilerine söz berşiňiz ýaly, olary daşaryk alyp çykyň» diýdi. Tutuş Aý galasynda şol gün öldürilen ilatyň, aýal-erkek ählisiniň jemi on iki müň sany boldy. Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».
Выбор основного перевода