Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim. Mundan beýläk ysraýyllar Rebbe ýüz tutulýan çadyra golaýlaşmasynlar, ýogsam olar günäleri üçin jeza çekip ölerler. Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz. Sebäbi Men lewilere paý edip, ysraýyllaryň Maňa sadaka hökmünde berýän ondan birini berdim». Şonuň üçin hem, Men lewilere ysraýyl halkynyň arasyndan miras bermerin diýdim. Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: «Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler. Bu olar üçin täze harmandan berlen galla ýa-da täze şerap sadakasy bilen deň hasap ediler. Şeýdip, olar hem ysraýyllardan alýan ondan birinden Rebbe sadaka bersinler we Rebbiň sadakasyny ruhany Haruna bersinler. Lewilere berilýän sowgatlardan Rebbiň sadaka paýyny bersinler. Hemmesiniň iň gowusyny Rebbiň mukaddes paýy hökmünde bersinler. Lewilere ýene şuny aýt: daýhanyň sadaka bereninden soň galanyny özüne alşy ýaly, lewiler hem sadakanyň iň gowusyny hödür edenlerinden soň galanyny özlerine alsynlar.
Выбор основного перевода