Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Harunyň mukaddes lybasy özünden soň ogullaryna galsyn. Olar şol geýimlerde başlaryna ýag çalnyp, ruhanyçylyga bellensinler. Harunyň ýerine ruhany bolan ogly ol geýimleri Maňa ýüz tutulýan çadyra gelip, mukaddes otagda hyzmat edýän wagty geýsin. Ruhany Harun Rebbiň buýrugy bilen Hor dagyna çykdy. Ol şol ýerde ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky kyrkynjy ýylynyň bäşinji aýynyň birinji güni amanadyny tabşyrdy. Hor dagynda ölen Harun bir ýüz ýigrimi üç ýaşyndady. Şondan soň ysraýyllar Beýerot-beneýagakandan gaýdyp, Mosera geldiler. Ol ýerde Harun öldi we ony şol ýerde jaýladylar. Onuň ýerine onuň ogly Elgazar ruhany boldy.
Выбор основного перевода