Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, biz Segirde ýaşaýan garyndaşlarymyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçdik. Eýlat we Esýongeberden Araba düzlügine gidýän ýol bilen gidip, Mowap çölüne tarap ugradyk. „Maňa öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et. Diňe ýoldan ýöräýin, saga hem, çepe hem sowulmaýyn. Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri ýaly we Arda ýaşaýan mowaplar ýaly, sen hem maňa Iordandan geçip, Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurduna ýetmek üçin öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et“. Soňra olar: „Ýurduňyň içinden geçmäge bize rugsat et“ diýen haýyş bilen Edom patyşasyna öz ilçilerini iberdiler, emma Edom patyşasy diňlemedi. Ysraýyllar Mowap patyşasynyň ýanyna hem ilçiler ýolladylar, emma ol hem razy bolmady. Şoňa görä ysraýyllar Kadeşde galdylar. Olar çölüň içi bilen Edom hem-de Mowap ýurdundan sowa geçdiler-de, Mowabyň gündogar araçäginde, Arnonyň aňyrsynda ýerleşdiler, emma Mowabyň meýdanynyň içine girmediler, çünki Arnon Mowabyň çägi bolup durýardy.
Выбор основного перевода