Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy. Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady. Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Kadeşiň golaýynda ýerleşýän Meriba çeşmesidir.) Siz sebäpli Rebbiň hatda maňa-da gahary gelip, Ol maňa şeýle diýdi: „Sen hem ol ýurda aýagyňy sekmersiň. Emma Rebbiň siz sebäpli maňa gahary gelip, Ol maňa gulak asmady. Reb maňa: „Besdir indi! Gaýdyp Maňa bu hakda aýtma! Pisga dagynyň depesine çyk-da, günbatara, demirgazyga, günorta we gündogara seret. Gowuja seretgin, çünki sen Iordandan aňry geçmersiň. Çünki ikiňiz hem Sin çölünde, Kadeş galasynyň golaýyndaky Meriba çeşmesinde, ysraýyllaryň öňünde Maňa dönüklik etdiňiz. Ysraýyllaryň arasynda siz Meniň mukaddesligimi ykrar etmediňiz. Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Masada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň. «Meribada, ol gün Masa çölündäki deý, siz gatatmaň ýüregiňizi.
Выбор основного перевода