Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý ony Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy. «Kim adam urup öldürse, ol ölüme höküm edilsin. Emma bir adam başga birine hile gurap, ony bilkastlaýyn öldürse, ol hatda Meniň gurbanlyk sypama gaçan hem bolsa ony öldüriň. Adam öldüreniň özi-de ölüme höküm edilsin. Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy haramlamaň. Dökülen gany toprakdan diňe ganhoryň gany bilen ýuwup bolar. Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, gylyç çekenleriň hemmesi gylyçdan öler. Tussag edilmeli – tussag ediler, gylyçdan ölmeli – gylyçdan öler. Hudaýyň halkynyň gaýratlylygy we sadyklygy, ine, şu ýerde gerekdir.
Выбор основного перевода