Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn. Seniň öz hojalygyňda doglan gullaryň-da, satyn alan gullaryň-da sünnetlenmelidir. Şeýle etmek bilen, siziň teniňiz Meniň siz bilen eden ähtimiň bakydygyny görkezer. Hudaý şeýle diýdi: «Ýok! Hut öz aýalyň Sara saňa bir ogul dogrup berer. Sen onuň adyna Yshak dakarsyň. Men onuň özi we tutuş nesli bilen ebedilik äht baglaşaryn.
Выбор основного перевода