Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý olara: «Indi Men size ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan miweli agaçlary berýärin, olar size iýmit bolar. Muňa garamazdan, Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä, ýaşaýan ýeriňizde islän wagtyňyz mal öldürip, etini iýip bilersiňiz. Ol keýik bolsun ýa-da sugun, parhy ýok, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler. Olar öýlenmegi, durmuşa çykmagy gadagan edýärler. Hudaýyň ýaradan näz-nygmatlarynyň käbirini iýmezligi buýurýarlar. Ýöne Hudaý bu näz-nygmatlary hakykaty bilýän imanlylaryň şükür bilen iýmekleri üçin ýaratdy ahyryn. Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi gowudyr. Şükür bilen kabul edilen her zat asla ret edilmeli däldir.
Выбор основного перевода