Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin. Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar. Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de. Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela ýaman niýetli ýüregi, ýamanlyga ýortýan aýaklary, Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler? Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr. sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.
Выбор основного перевода