Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi! Ine, siziň soňuňyz geldi! Men siziň üstüňizden gazabymy indererin. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda üstüňizden höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin. Soňuňyz geldi; hawa, soňuňyz geldi! Ol siziň garşyňyza oýandy; ine, gelýär! Ol menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir sebet ýetişen miwäni görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Meniň halkym Ysraýylyň soňy ýetip geldi. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn. Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler.
Выбор основного перевода