Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün, çünki Men seniň döwürdeşleriňiň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm. Nuh, onuň ogullary, aýaly we gelinleri silden gutulmak üçin gämä mündüler. Şol gün Nuh, onuň ogullary Sam, Ham, Ýafes, Nuhuň aýaly hem-de gelinleri gämä mündüler. Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy. Hudaý gadymy dünýäni hem aýamady. Ol hudaýsyzlar dünýäsini sil aldyrdy, diňe dogruçyllygyň wagyzçysy Nuhy we ondan başga ýedi kişini aman galdyrdy.
Выбор основного перевода