Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler. Biz saňa garry kakamyzyň bardygyny, onuň garrandan soň bolan bir körpe oglunyň bardygyny, ol oglanyň bolsa süýtdeş doganynyň ölüp, enesiniň çagalaryndan diňe ýeke özüniň galandygyny, ony kakasynyň juda söýýändigini aýdypdyk. Siz maňa ýamanlyk etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, birtopar adamlary diri galdyrmak üçin Hudaý ol ýamanlygy ýagşylyga öwürdi. Şonda Reb ýurda açlyk düşürdi, Onuň ähli azygyny weýran eýledi. Öňlerinden bir adamy ýollady: Ýusup gul edilip satyldy. Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.
Выбор основного перевода