Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olara nahar Ýusubyň saçagyndan berildi. Benýaminiň paýy beýlekileriňkiden bäş esse artykdy. Şeýdip, olar Ýusup bilen bile iýip-içip keýp çekdiler. Geýhazy şeýle jogap berdi: «Eýgilikdir. Meniň jenabym: „Efraýym daglyk ýurdundan pygamberler toparyndan iki sanysy edil şu wagt meniň ýanyma geldi. Şolara gaýrat edip bir ýarym batman töweregi kümüş bilen iki laý eşik beräý“ diýip, meni seniň ýanyňa iberdi». Nagaman: «Üç batmandan artyk edip alaý» diýip, Geýhaza öz diýenini etdirdi. Nagaman üç batmandan gowrak kümşi iki halta salyp, haltanyň agzyny daňdy. Ol olary iki laý eşigi bilen öz iki hyzmatkäriniň eline tutdurdy. Nagamanyň hyzmatkärleri bu haltalary göterip, Geýhazynyň öňünden ýöräp gitdiler.
Выбор основного перевода