Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakup Goşene barýan ýoly Ýusuba görkezer ýaly, ol Ýahudany öňden Ýusubyň ýanyna iberdi. Ysraýylyň maşgalasy Goşen welaýatyna gelende, Şonda siz oňa: „Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly ýaşlygymyzdan bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýändiris“ diýip jogap berersiňiz. Şeýle diýseňiz, ol size Goşen welaýatynda mesgen tutmaga rugsat berer, çünki müsürliler çopanlary juda ýigrenýändirler». Şeýdip, Ýusup doganlaryndan bäşisini alyp, Goşen welaýatyndan gaýtdy we faraonyň ýanyna gelip, oňa: «Kakam hem doganlarym özleriniň maşgalasy, ownukly-irili mallary we ähli goş-golamlary bilen Kengandan geldiler. Olar häzir Goşende» diýdi. Onsoň Ýusup doganlaryny faraon bilen tanyş etdi.
Выбор основного перевода